- bogaldak
- Ýelken berkitmek üçin gämilerde edilýän beýik sütün.∙ Odisseý özüni bogaldaga pugta daňmagy buýruk beripdir. (Gadymy Dünýä Taryhy)∙ Batly ýeliň derdinden buraw wyşkasy edil gäminiň bogaldagynyň güýçli gaýlarda bolşy ýaly yraň atyp jygyldaýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem bogaldak - bogaldagy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.